Please enable JS

TDED-de durnukly energetika boýunça hünär ýokarlandyryş maksatnamasy tamamlandy

2026-01-27

Mary, 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwary

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDED) «Durnukly energetika ulgamlary: dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly 72 sagatlyk okuw kursunyň ikinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Maksatnamanyň birinji bölegi 2025-nji ýylyň 2–5-nji sentýabry aralygynda geçirilipdi.

​Bu okuw kursy Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy. ÝB sebitiň durnukly ösüşi üçin tejribe alyşmak we ýewropa innowasiýalaryny ornaşdyrmak arkaly ýurduň ykdysadyýetini dekarbonizasiýa etmek we ekologik tehnologiýalary durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryny goldaýar.

​Kursuň maksady — dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnama aşakdaky wezipeleri çözmäge gönükdirildi:

  • ​«Ýaşyl» energetikany ornaşdyrmak üçin amaly bilimleri we gurallary öwretmek.
  • ​Türkmenistanyň energetika balansyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin taslamalary bahalandyrmagyň we durmuşa geçirmegiň usullary.
  • ​Durnukly energetika düzümi üçin kadr lary taýýarlamakda teoriýa we praktikany utgaşdyrmak.

​Okuwyň netijeleri boýunça TDED-niň mugallymlaryna, «Durnukly energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna we Energetika ministrliginiň hünärmenlerine resmi sertifikatlar gowşuryldy.

​Çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» atly taslamanyň çäginde geçirildi. Okuwlary Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň bilermenleri alyp bardylar.

​«Bu kurs biziň hyzmatdaşlygymyzyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini tassyklaýar. Biz türkmen hünärmenlerine arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýurduň "ýaşyl" ykdysadyýetini ösdürmäge kömek etjek bilim binýadyny döretdik» — diýip, Anhalt amaly ylymlar uniwersitetiniň Inženerçilik ylymlary we maglumat tehnologiýalary boýunça doktorlyk merkeziniň direktory, dr. Eduard Simens belledi.


Teswirler


Teswir Ýazmak

Bu saýt amerikan halkynyň goldawy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň (USAID) üsti bilen amala aşyryldy. Saýtyň mazmuny üçin "Maşgala" Jemgiýetçilik Guramasy jogapkärçilik çekýär we bu saýt hökmany suratda USAID-iň ýa-da ABŞ-nyň hökümetiniň garaýyşlaryny aňladýar diýlip düşünilmeli däldir.