Please enable JS

30-njy iýul - adam söwdasyna garşy bütindünýä güni.

2024-07-29

Adam söwdasyna garşy Bütindünýä güni her ýyl 30-njy iýulda bellenilýär. Ilkinji gezek bu aýratyn senäni 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Adam söwdasyna garşy halkara güni hökmünde yglan etmek karary 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edildi we BMG Baş Assambleýasynyň "Adam söwdasyna garşy göreş tagallalarynyň utgaşdyrylyşyny gowulandyrmak" karary bilen resmileşdirildi.

Bu başlangyç, esasan, adam söwdasy we onuň netijeleri, adam söwdasynyň pidalarynyň ýagdaýy we olaryň hukuklaryny goramak meselesine köpçüligiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Bütindünýä güni, şeýle hem milli we halkara derejesinde adam hukuklaryna yzygiderli hormat goýmak bilen bir hatarda, bu hadysa garşy göreşmekde utgaşdyrylan we yzygiderli hereket etmegiň ähmiýetini we zerurlygyny ýatlatmak üçin niýetlenendir.

Bu çynlakaý meseläniň öňüni almak we ejir çekenlere kömek bermek üçin Türkmenistanda gyzgyn telefon liniýasynyň işleýändigini aýratyn bellemelidiris (+993 12) 46-35-14


Teswirler


Teswir Ýazmak

Bu saýt amerikan halkynyň goldawy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň (USAID) üsti bilen amala aşyryldy. Saýtyň mazmuny üçin "Maşgala" Jemgiýetçilik Guramasy jogapkärçilik çekýär we bu saýt hökmany suratda USAID-iň ýa-da ABŞ-nyň hökümetiniň garaýyşlaryny aňladýar diýlip düşünilmeli däldir.