DAŞARY ÝURTDA IŞLEMEGI PIKIRLENÝÄRSIŇIZMI? Aşakdaky maslahatlardan peýdalanyň
•Resmi işewürlik hyzmatlaryndan peýdalanyň!
•Iş berijiler we boş iş orunlary barada has giňişleýin öwreniň! Guramanyň doly ady, iş berijiniň salgysy we hödürlenýän iş ýeri, iş görnüşi, iş şertleri, iş wagty, aýlyk haklary, dynç alyş we sosial tölegler barada has köpräk maglumat toplaň.
•Zähmet şertnamasynyň şertleri bilen öňünden tanyşmagyňyzy haýyş edýäris! Şertnamada iş sagatlaryna, işgäriň we iş berijiniň hukuklaryna we borçlaryna, şertnamany ýatyrmagyň tertibine we hödürlenýän aýlyk hakyna degişli maglumatlar görkezilýär.
•Ýalan wadalardan ägä boluň! Eger siziň diliňiz we iş tejribäňiz bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsa, iş berijiniň ýol harajatlaryny tölemek, resminamalary tabşyrmak, mugt ýaşamak we iýmitlenmek ýaly wadalaryna ynanyp, işi kabul etmäge howlukmaň.
•Netijede, siz adam söwdasynyň pidasyna öwrülmegiňiz ähtimal, "karzy üzmek” amaly bolsa üznüksiz dowam eder.
•Işe ýerleşdirmek ýa-da islendik bir resminamalary taýýarlamak üçin öňünden pul talap edýän kezzaplardan ägä boluň!
Teswirler